04.07.2025
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň «CAFA Nations Cup-2025» turnirindäki garşydaşlary belli boldy. Penşenbe güni çekilen bijä laýyklykda, Türkmenistan «A» toparçada Özbegistan (toparçanyň ýer eýesi), Gyrgyzystan we Oman bilen güýç synanyşar. «B» toparçadan bolsa Täjigistanyň (toparçanyň ýer eýesi), Eýranyň, Owganystanyň we Malaýziýanyň ýygyndylary orun aldy.
Turnir şu ýylyň 29-njy awgusty — 8-nji sentýabry aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Täjigistanyň Duşenbe şäherlerinde bolup geçer.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy birinji oýnuny 30-njy awgustda Gyrgyzystan bilen geçirer. Türkmen futbolçulary ikinji tapgyrda 2-nji sentýabr güni ýer eýesi Özbegistan bilen duşuşarlar. 5-nji sentýabrda bolsa Türkmenistan Omana garşy oýun bilen toparçalaýyn tapgyry jemlär.
Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaryň ýeňijileri finalda özara güýç synanyşarlar. Toparçada ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa bürünç medal üçin meýdança çykarlar.
Ýaryşyň finaly we üçünji orun üçin oýun 8-nji sentýabrda oýnalar.
04.07.2025
04.07.2025
04.07.2025
04.07.2025
01.07.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: Info@politehnikum.edu.tm