04.07.2025
Russiýanyň «Ay Yola» aýdym-saz topary Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanan dabaralarda çykyş edenden soň, görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Toparyň artistleri sosial ulgamlaryň sahypalarynda Türkmenistanda geçirilen wagtlaryndan alan täsirleriniň beýany bilen şeýle ýazgylary paýlaşdylar:
«Türkmenistan bizi sahawatly we tüýs ýürekden mähirli garşy aldy.
Biz diňe bir ýatdan çykmajak ýatlamalary alyp gaýtmaýarys, siziň medeniýetiňiziň bir bölegi bolsa — her bir nagyşda, siziň lybaslaryňyz her bir bölegindedir.
Nesilden-nesle geçirilip gelinýän el işleriniň nagyşlary, keşdeleri — bu diňe bir lybas däl, bu ondan has uly zat. Bu iňňedir sapagyň üsti bilen gürrüň berilýän taryhdyr.
Bize görkezilen mähirli kabul edişlik üçin köp sag boluň!» — diýip, toparyň sahypasynda bellenýär.
«Ay Yola» toparynyň konserti Arkadag şäheriniň iki ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk maksatnamasynyň täsirli wakalarynyň biri boldy. Konsertde Russiýanyň toparyndan başga-da, Türkiýeden, Özbegistandan gelen artistler hem-de türkmen estrada ýyldyzlary çykyş etdiler.
04.07.2025
04.07.2025
04.07.2025
04.07.2025
01.07.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: Info@politehnikum.edu.tm