“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talybynyň ýazan makalasy

04.07.2025

ARKADAG ŞÄHERI –BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilen “Arkadag şäheri” şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli lideriniň badalga bermeginde Arkadag şäherinde köpçülikleýin bag ekmek çäreleri üstünlikli geçirilýär. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagynada möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy” diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýakymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhammet Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Berdimuhammet Annaýew adyndaky Ahal welaýatynyň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi” diýip atlandyrmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we “Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi” diýip atlandyrylmagy, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we “Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki” diýip atlandyrmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur “Wagzy-Azat” eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy we “Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy” diýip atlandyrylmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmagy we “Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry” diýip atlandyrmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň “Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi” diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz görlüp-eşidilmedik durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Arkadag Prezidentimiziň Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz düýpli özgerýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, diňe paýtagtymyzyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň binägärlik keşbi özgerip, gözel görke gelýär.

Ýollaryň ýalkymly, gündizleriň şuglaly, gijeleriň hemişe nurly bolsun, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri!

Halkymyzyň bagtyýar günleriniň gujagynda eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşamaklary üçin, ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan: 207-nji “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş”
hünäriniň talyby Almagül Geldiýewa

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: Info@politehnikum.edu.tm