30.06.2025
29-njy iýunda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Aziýa işleri boýunça müdirliginiň başlygy Al Jouhara Ýusuf Fahro bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi ýurtda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara çäreleriň möhüm ähmiýeti barada durup geçdi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak Kataryň wekiliýetiniň düzümi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.07.2025
04.07.2025
04.07.2025
04.07.2025
01.07.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: Info@politehnikum.edu.tm